JEMGYÝET

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçiriler

2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçiriler. Çäre Türkmenistandaky Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň başlangyjy bilen «Aşgabat» kinoteatrynda guralar.

Habarlara görä, festiwalyň dowamynda tomaşaçylar hindi kinematografiýasynyň iň gowy nusgalary bilen tanyşyp, Hindistanyň milli kino sungatynyň gurşawyna aralaşyp bilerler. Maksatnamada dürli žanrlardaky çeper filmleriň görkezilişi meýilleşdirilýär.

Kinogörkezilişlere giriş hemmeler üçin açykdyr.

Hindi filmleriniň festiwaly Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda medeni dialogy ösdürmäge we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Kinogörkezilişleriň tertibi

  • 20-nji ýanwar, sişenbe, 17:00 — «RRR» (2022)

  • 21-nji ýanwar, çarşenbe, 11:00 — «Zita we Gita» (1972)

  • 21-nji ýanwar, çarşenbe, 17:00 — «12-nji şowsuzlyk» (2023)

  • 22-nji ýanwar, penşenbe, 11:00 — «Disko tansçysy» (1982)

  • 22-nji ýanwar, penşenbe, 17:00 — «83» (2021)

  • 23-nji ýanwar, anna, 11:00 — «Ar alyş we kanun» (1975)

  • 23-nji ýanwar, anna, 17:00 — «Rakşa Bandhan» (2022)

  • 24-nji ýanwar, şenbe, 11:00 — «Ingliş-wingliş» (2012)

Related posts

Döredijilik bäsleşigi: Gatnaşmaga howlugyň

Üsküdar Üniversitesi Türkmen Öğrencileri Bekliyor !

vepa

Aşgabadyň Olimpiýa stadiony «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygyna doly taýýar: Janköýerler üçin döredilen şertler

Ata Watan Eserleri