DÜNÝÄ

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen  GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda GDA-nyň agza döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, sport, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň çäklerinde geçirilýän çärelere türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere hem seredildi.

Şeýle hem duşuşygyň gün tertibi şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meselelerini öz içine aldy.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy