PEÝDALY MASLAHAT

Aşgabatda 23-nji iýundan başlap dört awtobus ugrunyň gatnajak ýoly üýtgedilýär

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň garamagyndaky Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna degişli bolan 100-nji “Teke bazar – Arkadag şäheri” awtobus ugruna raýatlaryň tomus dynç alyş möwsüminde “Tebigatyň janly muzeýine” bökdençsiz barmaklaryny gazanmak maksady bilen  2025-nji ýylyň iýun aýynyň 23-den üýtgeşme girizilýändigini Size habar berýäris.

97-nji “Büzmeýin – Täze zaman” awtobus ugruna      2025-nji ýylyň iýun aýynyň 27-den üýtgeşme girizilip “Büzmeýin” bellige alyş nokadyna çenli, ugryň dowamyny bolsa 85-nji “Büzmeýin – Güneş” hem-de 86-njy “Büzmeýin – Köpugurly hassahana” ugurlarynyň hyzmatlaryndan Ahal köçä çenli peýdalanyp biljekdikdigiňizi mälim edýäris.

Şeýle-hem  “Bagyr – Büzmeýin” ugrunyň  açylmagy bilen  63-nji “Teke bazar – Büzmeýin” awtobus  ugruny Gökje ýaşaýyş toplumyna çenli üýtgeýändigi sebäpli, ugruň ady üýtgedilip 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 07-den  “Büzmeýin – Bagyr” awtobus ugry diýip atlandyrylar, 4-nji “Arzuw – Ýalkym” awtobus ugruna üýtgeşme girizip Gökje ýaşaýyş toplumynyň Güneş köçesi bilen A.Ataýew köçesinden Gökje – Bagyr aýlawyndan gündogarlygyna öz gatnaw hereketini dowam etdiriler.

Related posts

Terjime üçin “Makul Hyzmat” terjime merkezine ýüz tutuň!

Ata Watan Eserleri

Işe dikeltmek üçin haýsy edaralara ýüz tutulyp bilner?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 20-26-njy iýuly aralygynda howa maglumaty