JEMGYÝET

Aşgabadyň beýleki gatnawly ýollaryň çetki zolagynda hem ýörite çäk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyran wagty, A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalary synlady. Döwlet Baştutanymyz şäheriň ähli künjeklerinde köp zolakly awtomobil ýollarynyň gurulmagynyň paýtagtymyzda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen bir hatarda, sürüjiler we pyýadalar üçin amatly mümkinçilikleri üpjün etjekdigini belledi.

Bu bolsa ýerüsti we ýerasty geçelgeleriň, awtomobil duralgalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilmelidigini aňladýar. Häzirki döwürde gatnawly ýollaryň çetki zolagyny durmuş düzümine degişli, aýratyn-da, «Tiz lukmançylyk kömegi» we ýangyn howpsuzlygy gulluklaryň ulaglaryna degişli çäk döredilip başlandy. Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu düzgüne pyýadalaryň hem-de sürüjileriň berk eýermekleri zerurdyr.

Beýleki köçelerde hem çäkler dörediler

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň şäheriň beýleki köçelerinde hem alnyp barylmalydygyny aýtdy. Bu bolsa paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna gaýragoýulmasyz zerur ýagdaýda lukmançylyk kömegini bermäge Tiz lukmançylyk kömegi ulaglarynyň bökdençsiz geçip bilmegi üçin zerurdyr.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Täze eseriň synag görkezilişi boldy

Ata Watan Eserleri

10 ýyllyk karzyny üzdi

vepa