JEMGYÝET

“Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Bu kanunçylyk resminamasy resmi taýdan çap edildi.

Şonda bellenilişi ýaly, şu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär.

Kanun 4 bapdan we 13 maddadan ybaratdyr. Onuň 1-nji maddasy Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy arada bolup, onda “Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär.” diýlip görkezilipdir.

Şeýle hem kanunçylyk namasynyň 3-nji maddasy Arkadag şäheriniň ilaty barada bolup, onda şeýle diýilýär:

“Arkadag şäheriniň ilatyny ýaşaýan möhletine, doglan ýerine we milletine garamazdan, Arkadag şäheri ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýatlary, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar düzýär.”

Related posts

YHG-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Arkadag-Al Nasr”: biletler boýunça möhüm bellikler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ŞHG-niň ykdysady taslamalaryna gatnaşmaga taýýar

Leave a Comment