Uçurylandan 14 gün soň, “Jeýms Webb” kosmos teleskopynyň äpet altyn aýnasy açyldy. 7 tonnalyk teleskopyň 6,5 metrlik äpet altyn aýnasy “NASA”-nyň şu wagta çenli öndüren iň uly aýnasydyr. Aýnanyň şeýle uly bolmagy raketany ýerleşdirmekde kynçylyk döretdi. Şonuň üçin inženerler aýnany origami stilinde 5 metr giňişlige ýerleşdirýärler. Aýnasyny açmak bilen teleskop kosmosda has köp ýagtylyk ýygnaýar. Şeýlelik bilen, “Jeýms Webb” kosmos teleskopy, “Hubble” kosmos teleskopyndan 100 esse aýdyň görüşe eýe bolar.
Iň soňunda 24-nji dekabrda uçurylan we uçuş senesi birnäçe gezek gijikdirilenden soň, ýerüsti ýaşaýşa ýagtylyk bermegi maksat edinýän “Jeýms Webb” kosmos teleskopy, kynçylyksyz kosmosyň çuňlugynda syýahatyny dowam etdirýär. Mundan birnäçe gün öň teleskopyň “gün galkanlarynyň” açylandygy habar berilipdi. “WebTekno”-daky habarlara görä; Teleskopyň arkasyndaky topar ullakan enjamyň tapawutly altyn aýnasyny üstünlikli açdy. Bu, teleskopyň gurnalyşynyň esasan tamamlandygyny we çäksiz älemiň ilkinji galaktikalary hakda Ýere maglumat ibermekden bir ädim golaýdygyny aňladýar.
“NASA”-nyň baş edarasyndaky teleskopyň programma müdiri Gregori L. Robinson “NASA-nyň ýolbaşçylygyndaky missiýanyň ilkinji gezek kosmosda obserwatoriýa açmak üçin çylşyrymly yzygiderliligi tamamlamaga synanyşmagydyr. Bu bolsa dünýä üçin ajaýyp üstünlik” -diýdi. Juma güni açylyp başlan teleskopyň esasy aýnasynyň iki ganaty; Şenbe güni ikinji ganatyň ýerine gelmegi bilen üstünlikli tamamlandy.
Esasy aýnanyň açylyşy, 25-nji dekabrda başlanan 10 milliard dollarlyk teleskopyň beýleki elementleriniň oturdylmagy bolar. Bu zatlar “Webb”-iň infragyzyl sazlamalaryny bozup biler. Gün, Ýer we Aý tarapyndan öndürilýän islenilmeýän ýylylyk signallaryny duruzmak üçin döredilen tennis kort ölçegli gün goragynyň bäş inçe gatlagyny öz içine alýar. Öňümizdäki alty aýyň dowamynda Ýerden 1 million mil aralygy geçjek “Webb”, topar teleskopyň beýleki sazlamalaryny kalibrländen soň, şu tomus kosmosdan ilkinji suratlary iberip başlar diýlip garaşylýar.
13,5 milliard ýyl mundan ozal äleme ýagtylyk bermek üçin gurlan bu teleskop diňe bir kosmosyň gizlin sebitleri barada öwretmek bilen çäklenmän, uly partlamadan soň bolup geçen wakalary takyk resmileşdirendini hem subut edip biler.