JEMGYÝET

Antoniu Guterriş «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Şu gün paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Şol gepleşikler tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi  Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady.

– Biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimizde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  beýik şahyryň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi. Men ilkinji bolup, Sizi şu medal bilen sylaglamak kararyna geldim we degişli Karara gol çekdim. Häzir bolsa, şol medaly size gowşurýaryn – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra el çarpyşmalaryň astynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi bu beýik sylag gowşuryldy.

Belent mertebeli myhman özüne bildirilen uly hormat üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik oglunyň – Gündogaryň görnüşli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlarynyň döwrebaplylygynyň ähmiýetini belledi. Pyragynyň öz goşgularynyň üsti bilen agzybirlige, dostluga we ynasanperwerlige çagyrmagy BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine doly gabat gelýändigini belledi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge taýýar

Bakanlar Kurulu toplandı: 2,3 milyarlık proje imzalandı

vepa

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi