SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Alymlar ömri uzaldýan içgini tapdylar

“Express” gazetiniň habaryna görä, Reding uniwersitetiniň alymlary günde bir stakan süýt adamyň ömrüni ep-esli uzaldyp biler, diýen netijä geldiler.

Bu ylmy-barlag işi boýunça ABŞ-dan we Angliýadan iki million adamyň saglyk ýagdaýy barada maglumatlar ýygnaldy. Netijede, süýdüň koronar ýürek keselleriniň döremek howpuny 14% azaldýandygy ýüze çykdy. Mundan başga-da, bu içgi holesteriniň derejesini peseltmäge ukyplydyr.

Ylmy-barlag işlerini alyp baran alymlardan Wimal Karani süýdüň sarp edilmegi bilen süýji keseliniň ösmeginiň arasynda göni baglanyşygyň ýokdugyny belleýär.

Russiýadaky saýlawlarda “Ýedinaýa Rossiýa” öňde barýar

 

Related posts

BSGG Ýewropada howa we saglyk boýunça täze komissiýa döretdi

Özbegistan Germaniýa hünär kämilleşdirmek üçin 800 şepagat uýasy iberer

Türkmenistan-Russiýa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri