BIZNES

“Airbus” uçar satuwynda öňde barýar

Ýewropanyň awiasiýa kompaniýasy “Airbus” üçin pandemiýa başlaly bäri, uçar satuwynda iň gowy aýy boldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ýylyň ilkinji sekiz aýynda yewropaly uçar öndürijiler  269 sany uçar satdylar.

Kompaniýa täze satuwda “Latam Howaýollary” şereketine (LTM.SN) 28 sany uçar satdy. Günorta Amerikanyň iň uly awiakompaniýasy bir wagtyň özünde iki sany “A350-1000” giň göwrümli uçar üçin ozal beren sargydyny ýatyrdy.

Awiasiýa ulgamynda girdejileriň köp bölegine eýeçilik edýän “Airbus” kompaniýasy esasy bäsdeşi ABŞ-nyň “Boeing Co” (BA.N) kompaniýasyndan öňde barýar.

Şeýle-de bolsa, “MAX” kysymly uçarlarynyň şowsuzlygy hem-de “COVID-19” ýokanjynyň ählumumy täsirinden soň, “Boeing” kompaniýasy täze sargytlary kabul edip başlady.

 

Ýaponiýada «sanjym pasporty» talap edilmegi mümkin

Related posts

Türkmenistan bilen Hytaý gaz ulgamyndaky taslamalary çaltlandyrar

Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gullugynyň wekilleriniň duşuşygy

Biržanyň nyrhlar boýunça elektron maglumatlar binýady dörediler