JEMGYÝET

Ahal welaýatynda täze metjit açyldy we agzaçar sadakasy berildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze metjidiň açylyş dabarasy boldy we bu ýerde mukaddes Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde agzaçar sadakasy berildi.

Täze metjidiň açylmagy mukaddes Oraza aýynyň dowam etmegi we Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreler bilen utgaşmagynyň çuňňur manysy bar.

Metjidiň daşky görnüşinde bolşy ýaly, onuň içki timarlaýyş işlerinde mermer, granit ýaly gymmatbahaly serişdeler ýokary derejede peýdalanylypdyr. Keramatly Gurhanyň sürelerini beýan edýän ýazgylar metjidiň bezeginde aýratyn orun eýeleýär.

Türkmenistanyň müftüsi nurana metjidiň halkymyza uzak wagtlap hyzmat etmegini we ýagşy dessurlaryň dowamata atyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan asylly işleriň amala aşyrylmagy ugrunda tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi üçin doga-dilegler etdi.

Soňra metjidiň sadaka berilýän jaýynda agzaçar sadakasy berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine ilkinji girişen günlerinde Änew topragynda düýbüni tutan metjidi döwrebap derejede gurlupdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşýanlardan bu metjide Seýit Jemaleddin metjidi hökmünde atlandyrylmagyny nähili görýändikleri bilen gyzyklandy. Agzaçar sadakasyna gatnaşan ýaşulular bu teklibi tüýs ýürekden goldadylar.

 

Ýene-de okaň

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady