SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ady rowaýata öwrülen taryhy Grand bazar – ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar

Bäş ýüz ýyldan gowrak taryhy bilen Stambulyñ iň ähmiýetli medeni mirasyna degişli bolup durýan «Grand Bazaar» diýlip atlandyrylýan bu üsti ýapyk bazar, özüniñ myhmanhanalary, ululy-kiçili dükanlary bilen şähere gelýänleriň hökmany suratda baryp görýän ýerleriniň hatarynda durýar. Hepdäniñ alty güni söwda etmäge mümkinçilik berýän «Grand Bazaar», senetçileriň ussahanalaryny görmek, şeyle hem dürli şaý-sepleri, syrçaly keramika önümleri, ýüpek matalary we halylar ýaly özboluşly we nepis önümleri satyn almak üçin gelýän müňlerçe myhmany kabul edýär.

«Grand Bazaryñ» ýaşaýan ynsan genji-hazynalary

Bu bazar Stambul basyp alnandan soň 1461-nji ýylda şäheriň gadymy desgasy bolup durýan Aýasofýa girdeji getirmegi maksady bilen gurlupdyr. Taryhy Ýarym adada, ýagny Nuruosmaniýe, Merjan we Beýazyt diýilýän sebitleriñ arasynda ýerleşýän bazar, wagtyň geçmegi bilen şäherdäki öñdebaryjy söwda nokatlaryñ birine öwrülýär. Şol döwürde syýahat edýän täjirler bu ýerde duşuşyp, dünýäniň dürli künjeklerinden getiren şaý-sepleriniñ we beýleki köp sanly gymmat bahaly harytlarynyñ söwda geleşiklerini geçiripdirler. Bu söwda toplumynyñ gümmezli üçekler bilen örtülen 22 sany derwezesi bar. Ol zergärleriñ, çit mataçylaryñ, tahýa-telpekçileriñ, halyçylaryñ şeyle hem ýüplük egrijileriñ satýan önümlerine görä atlandyrylan 60-dan gowrak setir-köçelerden ybarat bolup durýar.

563 ýyllyk taryhy bilen «janly» muzeý bolan bu ägirt uly toplum, 3600 sany dükany bilen häzirki wagtda hem şäheriñ iň gelim-gidimli ýerleriniñ biridir. Bazar tomusda sagat 08.30-19.30 aralygynda, gyşda bolsa sagat 08.30-19.00 aralygynda halka hyzmat edýär. Bu ýerde dokma we deri önümleri, ajaýyp halylar, dürli görnüşdäki el işleri uly meşhurlyga eýedir. Esasan hem, zergärçilik, şaý-sepler, altyn çaýma, kalligrafiýa-hatdatlyk ýaly türk senetlerinde görkezýän ussatlyk derejesi «Grand Bazaaryñ» at-owazasyny dünýä ýañ salýar. Halypa-şägirtlik ýoluny kämilleşdirmekde giň ýol açýan bu bazaryñ äh­mi­ýe­ti bi­möç­berdir. Şunlukda, şeýle menzili geçen ussatlar «Grand Bazaaryñ ýaşaýan ynsan genji-hazynalary» hasaplanýar.

Filmleriñ düşürlýän ýeri

«Grand Bazaar» söwda nokadyndan daşary labirinta meňzeýän täsirli atmosferasy bilen görenleri haýrana goýýar. Bazarda aýlanyp ýadan halatyñyzda arkaýyn ıslendik bir dükana girip bilersiñiz. Size uly höwes bilen türk çaýy ýa-da kofesini hödür ederler. Şeyle hem bazarda söwdalaşmak, ýagny öz peýdaňa çekeleşmek ýazylmadyk düzgünleriñ biri bolup hereket edýär. Satyjynyñ aýdan bahasyndan düşürmek bolsa siziñ söwda etmek ukybyňyza baglydyr.

Stambulyň simwoliki desgalaryndan biri bolan «Grand Bazaar» birnäçe filmlerde we seriallarda hem görkezilýär. 1963-nji ýylda düşürülen «From Russia with Love» kinofilminde Sean Connery, ıňlis agenti James Bond keşbinde bazarda aýlanýar; 2012-nji ýylda çykan Skyfallda bolsa Bond keşbinde Daniel Craig motosikly bilen bazaryň üçeginden geçýär. Içalylyk filmi bolan «Argoda» Ben Affleck, 2014-nji ýylda ýazga geçirilen «Soňky umyt» filmindäki Russell Crowe ýaly bazara baryp görýär. Bu bazar ýaňy-ýakynda Emmy baýragynyň eýesi aktrisa Elisabeth Mossyň baş keşbi janlandyran 2024-nji ýylda düşürülen «The Veil» detektiw triller serialynyň iň möhüm ýerlerinden biri boldy.

Bazar özüniñ ajaýyp myhmanhanalarynyň içindäki taryhy restoranlary bilen uly meşhurlyga eýedir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy