JEMGYÝET

Adam atlarynyň manysy 15-nji ýanwar

Oglan atlary:

  1. Annagurban- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Gurban aýynyň anna güni doglan’’ diýmek.
  2. Annagurt- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul gurt ýaly çydamly bolsun’’ diýmek.
  3. Annagylyç- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul uzak ýaşasyn’’ diýmek.
  4. Annadöwlet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan döwletli ogul’’ diýmek.

5.Annadurdy-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan çaga dursun, ölmesin’’diýmek.

Gyz atlary:

    6.Arzygül-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Arzyly we gül ýaly owadan gyz’’ diýmek.

7.Armangül-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Arman edilip ýetilen gül ýaly gyz’’ diýmek.

8.Artykbike- bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Bedeninde artykmaç ösüntgisi bar bolan hormatly gyz’’ diýmek.

9.Artykbibi-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,, Bedeninde artykmaç ösüntgisi bolan gyz’’ diýmek.

10.Artykgözel– bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Bedeninde artykmaç ösüntgisi bolan gözel gyz’’ diýmek.

 

15-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Related posts

Onlaýn Sergi Ata Watanymyz barada maglumat berýär

Dr.Döwran Orazgylyjov

Tataristan Cumhurbaşkanın Yaş gününe kutlama mesajı

vepa

Gazagystan Türkmenistandan tebigy gaz satyn alar