BIZNES

ABŞ-nyň işewürleri Türkmenistana gelerler

“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşi 5-7-nji dekabrda Aşgabada özüniň her ýylky işewürlik saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada “orient.tm” internet portaly habar berýär.

ABŞ-nyň işewürler düzümi türkmen paýtagtynda birnäçe duşuşyklar geçirerler we özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistan-ABŞ işewürler forumy “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilip, oňa iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine degişli meseleler giň gerimde maslahatlaşylar. Amerikanyň işewürler toparyna “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart ýolbaşçylyk eder. Işewürler düzüminde “Climate Compass”, “Case New Holland”, “Honeywell”, “John Deere”, “Palo Alto Networks”, “Visa” we “Westport Trading Europe Ltd” ýaly kompaniýalaryň wekilleri bar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprel aýynda Erik Stýuart ýolbaşçylygynda amerikaly işewürler Aşgabada gelipdi. “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşi 2008-nji ýylda döredildi. Bu gurama iki ýurduň arasyndaky söwda -ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda iş alyp barýar.

Related posts

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi

2023-nji ýylyň önümçilik senenamasy : haýsy günler dynç güni

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy