BILIM

ABŞ-nyň Ilçihanasy gyşky “EnglishPalooza” dil okuwyna bellige alşy başlady

ABŞ-nyň Aşgabaddaky Ilçihanasy we “American Councils” guramasy tarapyndan guralýan Gyşky “EnglishPalooza” maksatnamasyna Türkmenistanyň dürli şäherlerinden ýaşlaryň bellige alynmagy başlandy.

Makstanama 2026-njy ýylyň 2–12-nji ýanwary aralygynda “American Spaces” merkezlerinde — Aşgabat, Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde geçirilýär.

Bu maksatnama gatnaşyjylara:

  • Iňlis dili başarnyklaryny ösdürmek,
  • ABŞ-nyň taryhy we medeniýeti bilen interaktiw oýunlar arkaly tanyşmak,
  • döredijilikli we tejribeli okuw işjeňliklerine gatnaşmak mümkinçiliklerini berýär.

Iki topar boýunça kabul edilýär:

  • Topar 1: 13–15 ýaş (başlangyç derejesi)
  • Topar 2: 16–18 ýaş (orta dereje)

Bellige alyş möhleti — 2025-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli.
Arza linki: bit.ly/winterpalooza2025

ABŞ-nyň Ilçihanasy ähli gyzyklanýan oglan-gyzlary bu mümkinçilikden peýdalanmaga çagyrýar.

 

Related posts

Sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurtda bilim almak üçin nirä ýüz tutmaly?

Koreýa Respublikasy: Abraýly ýokary okuw mekdepleri 2022