JEMGYÝET

Abdulkadir Parmagyň durmuş toýy

Türkiýäniň «Trabzonspor» toparynyň ýarymgoragçysy Abdulkadir Parmak Merwe Bozali bilen durmuş toýuny tutdy. Iki ýaş juwanyň bu bagtly pursatyna «Trabzonspor» toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Agaogly bilen birlikde toparyň beýleki oýunçylary gatnaşdylar. Toýa gelen myhmanlar Abdulkadir Parmak bilen Merwe Bozala elmydama bagtly durmuşda ýaşamaklaryny arzuw etdiler.

Abdulkadir Parmak 1994-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-ine Türkiýäniň Trabzon şäherinde doglan. Ol futbol kariýerasyna heniz ýaşlykdan başlaýar. 2016-njy ýyldan bäri bolsa «Trabzonspor» toparynyň lybasynda çykyş edýär. Mundan başga-da ol Türkiýäniň milli ýygyndy toparynda oýnaýar.

 

Related posts

Türkmenistan’da bisiklet sporu geliştirilecek

vepa

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

ABU Genel Kurulu: Aşkabat medya sektörünün geleceğini ele alınıyor

vepa