SPORT

Hakimi Real Madrid toparynda çykyş eder

Borussiýa Dortmund toparynda kärendede çykyş edýän Aşraf Hakimi  indiki möwsümde Madridyñ Real toparynda çykyş eder. Hakimi Real Madrid topary bilen 2025-nji ýyla çenli şertnama baglaşar diýip, El Mundo Deportivo saýty habar berýär. Real Madrid toparynyñ ýetişdiren 21 ýaşly oýunçysy Hakimi, 2018-nji ýyldan bäri Borussiýanyñ Dortmund toparynda çykyş edip gelýär. Dortmund toparynyñ ýolbaşçylary Hakimini, Real Madrid toparyndan satyn almak isledi, emma Realyñ ýolbaşçylary bu teklipden ýüz öwürdiler. Hakimi häzirki möwsümde 37 oýuna çykyp, 10 gezek ýardam pasyny we 7 gezek gol geçirmegi başardy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy