SIZDEN GELENLER

Danalardan dürdäneler

Eger awtor kitabynda bolmaly zady göwnejaý berip bilen bolsa, onda onuň kitaby oňat kitapdyr.

Aristotel

Kitap pikiriň armaýan ganatydyr.

Aýbek.

Elime oňat kitap düşen wagty men öz durmuşyma bir ajaýyp zady gürrüň berýän, janly bir zadyň aralaşandygyny syzýaryn.

Medeniýetli adamy terbiýelemek üçin iki güýç has şowly hyzmat edýär: sungat hem ylym. Bu güýçleriň ikisem kitaplarda jemlenýär.

Özümdäki gowy häsiýetleriň hemmesi üçin men kitaba minnetdar.

Maksim Gorkiý.

Kitap-adamzat bilimleriniň çesmesi, şeýle hem adamzadyň güýjüniňem çesmesidir. Köp okan, bilimli adam durmuşda yzagalak, medeniýetsiz adamlara garanyňda juda köp zatlary başarar.

Isakowskiý.

Kitap-bu durmuşyň iň uzak hem-de garaňky ýoluny ynsana ýagtyldyp görkezýän jadyly çyragdyr.

Upit.

…Kitaby ýüregiňizden eý görüň! Ol diňe bir oňat dost bolman, siziň baky ynamdar hemraňyzdyr.

Şolohow.

Geçmiş hakykatyny eý görmäge mejbur edýän kitap-özüniň özboluşlylygyny we ähmiýetini ýitirmeýän kitapdyr.

Wowerang.

Kitapsyz jahan-gijedir, kitapsyz-daş-töwerek tümlükdir.

Gýugo.

Kitaplaryň toplumy hem uniwersitetdir.

Karleýl.

Ylym kitaplaryň netijesi bolman, kitap ylymlaryň netijesi bolmalydyr.

Bekon.

Kitap-ynsan göwnüniň dünýäni synlaýan aýnasydyr. Kitapsyz jaý, penjiresiz otagdan enaýy däldir.

Wilson.

Okyjyda: “Şunuň ýaly kitaby men hem ýazyp bilerdim” diýen pikiri döredýän kitaplar iň oňat kitaplar hasaplanylýar.

Paskal.

Gowy kitaba tötänden duş gelen adamyň şondan soň bütin ykbalynyň başgaça bolup gitmegi mümkindir.

Prewo.

Kitaplar päkize, rehim-şepagatly özbaşdak bir dünýä bolup, biz olaryň arasynda ýaşap we bagtly bolup bileris.

Wordswort.

Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz täze dost tutunan ýaly bolýarys. Öň okan kitabymyzy gaýtadan okanymyzda bolsa, köne dostumyza sataşan ýaly bolýarys.

Wolter.

Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,

Oňarsaň bolgun sen onuň gümrasy.

Kitap-dostdur, asla gama batyrmaz.-

Pähmiňi goýaldar, pikirleň-şasy.

Jamy

Açyp kitaby destine

Kelläňi egseň üstüne:

Ak kagyzdan ak ýalkymlar

Ak ýüzüňe düşýär ýene.

R.Seýidow.

…Otda eremeýän, suwda akmaýan,

Tupanda ýitmeýän, laýda çökmeýän,

Dartaňda süýnmeýän, çapsaň synmaýan,

Hiç bir äpet ataşlarda ýanmaýan,-

Hem akyl, hem duýgy, hem baky lezzet,-

Başymyz aşakdyr öňüňde seniň,

Eý Kitap, eý Gudrat, eý Aly hezret!

A. Agabaýew

Göteriň siz bu göwrämi eý siz, meniň ganat-perim,

Ömrümi men eliňize tabşyrýaryn, eserlerim…

M.Seýidow.

 

Taýýarlan: Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby 

                                     

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…