SPORT

“Barselona” Ter Stegen bilen şertnamasyny uzaltmakçy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol topary germaniýaly derwezebany Mark-Andre ter Stegen bilen şertnamasynyň möhletini uzaltmagy meýilleşdirýär. Ispaniýanyň metbugatyndaky habarlara görä, toparyň sport müdiri Erik Abidal bilen derwezebanyň wekili Gerd fon Bruhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde täze şertnama üçin ylalaşyk gazanyldy.

“Barselona” topary 27 ýaşly derwezebany bilen 4-5 ýyllyk möhlet bilen gowulandyrylan şertlerde şertnamanyň möhletini uzaltmagy göz öňünde tutýar. Ter Stegeniň şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylda tamamlanýar.

Şu möwsümde Ter Stegen Ispaniýanyň milli çempionatynda “Barselonanyň” düzüminde 26 duşuşykda derwezäni gorap, 20 gol geçirtdi.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri