JEMGYÝET

Dana Zatopkowa aradan çykdy

Sportuň naýza zyňmak görnüşi boýunça dünýä belli çempion Dana Zatopkowa 98 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Çehiýanyň Sport baradaky komitetiniň başlygy Jiri Kejwal: “Zatopkowa ajaýyp türgendi. Ol beýik adamdy. Ol nesiller üçin görelde boldy” — diýip belleýär. Türgen 1922-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Çehiýanyň Karwina şäherinde doguldy. Ol zenanlaryň arasynda naýza zyňmak boýunça geçirilen halkara ýaryşlarynda ençeme gezek ýeňiji bolmagy başardy.             Türgeniň maşgalasy babatynda aýtsak, Emil Zatopek onuň adamsy. Olaryň ikisi hem bir günde doglan. Ol 2000-nji aradan çykdy. Emil Zatopek hem dünýäde uzak aralyga ylgamak marafony boýunça geçirilen ýaryşlaryň birnäçe gezek ýeňijisidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi