DÜNÝÄ

Gadymy Olimpiýada XXXII Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Gadymy Olimpiýada XXXII Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakylýar. 19-njy martda Olimpiýa oýunlarynyň alawy Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherindäki “Panatinaikos” stadionynda  Ýaponiýanyň guramaçylyk komitetiniň wekiliýetine gowşurylar.

Taryhda ilkinji gezek zenan türgen Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň estafetasyna başlady. Ony Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Anna Korakaki amala aşyrdy.

Adatça dünýäniň iň abraýly sport ýaryşynyň alawynyň ýakylmagyna bagyşlanan dabara uly gyzyklanma döredýär, ýöne şu gezek dabara koronawirus sebäpli tomaşaçysyz geçirildi. Dabara diňe habarçylar we käbir myhmanlar gatnaşdy. Olaryň hatarynda Gresiýanyň Prezidenti we Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah hem bar.

Tomusky Olimpiýa oýunlary 24-nji iýul –  9-njy awgust aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi