DÜNÝÄ

Katar Döwletiniň Paýtagtynda Türkmen-Katar Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, ösüşiň esasy görkezijisi, iň ýokary syýasy derejede döredilen açyk dostlukly we konstruktiw gepleşik bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesine aýratyn üns berildi. Ýokary derejedäki saparlarynyň däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek üçin güýçli itergi berýändigi bellenildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy geňeşmeleriň yzygiderli häsiýetde geçirilmeginiň we bu görnüşdäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde işjeňleşdirilmeginiň örän wajypdygyny nygtadylar.

Taraplar, şeýle hem Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň indiki mejlisine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleleriň hem üstünde durup geçdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Kataryň DIM-niň ýolbaşçysy ýokarda agzalan Hökümetara toparynyň indiki mejlisine işjeň taýýarlyk görülýändigini belläp, ýakyn wagtda geçiriljek mejlisiň dowamynda iki ýurduň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny hem-de ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada aýtdy.

Syýasy geňeşmeleriň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy. Katar tarapy Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi.

Mundan başga-da, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud Balkan welaýatynda boldy

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy