SPORT

Kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň şeýle hem “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryş tamamlandy.

Gyzykly häsiýete eýe bolan duşuşyklaryň netijesinde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlar topary 1-nji orny eýeledi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlar topary degişlilikde 2-nji we 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiş gazananlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Related posts

Dünýä çempionaty: 40 ýaşdan uly 7 futbolçy çempionata gatnaşýar

Türkmen agyr atletikaçylaryndan 21 medal!

UEFA Ýewropa ligasynda indiki tapgyra çykan toparlar

Ata Watan Eserleri