–Beh, ynanar ýaly däl. Şeýdip amerikan pasportynam aldyňyzmy?
–Hawa–la, ol wagta çenli bular ýaly zadyň bardygyny bilmeýärdim.
–Maşgalaňyzam bilenokdymy?
–Bilmeýärdi. Kakamyň işleýänligi üçin o ýerde doglupdyryn, 2 ýaşymda hem
gaýtdym. 16 ýyllabam gitmedim. Bir pursatda amerikan pasportly bolduk, onuň
bilen 2–3 hepdeläp amerikany gezdik. Täsirlendim.
–Niresinden? New–Ýorky haladyňyzmy?
–New-Ýorkdan başga ýerde tanşymam ýokdy, aslynda. 55 ýyl bäri New-Ýorkda
ýaşaýan, merhum bolan agam–kakamyň dogany bardy, şol wagtlar 70 ýaşyndady.
Şoň ýanyna baraýyn, soňam görübererin diýip pikir etdim. Gulluk borjumy
tamamladym we jübimdäki 1000 dollar bilen Amerika gitdim, agamyň ýanyna. Iş
gözlemäge başladym.
–Näçenji ýylda Muhtar beg?
–1978. Özüm barada maglumatlarymy (SV) taýýarladym, bir ýerde ony 20 dollara
çap etdirdim. Banklara barýan, gürleşýän, SV berýän. Kiçiräk banklaň biri iş berdi,
“Gel, öwreniji bolup başla” diýdi.
Angliýada ekonomika, matematika okabam, ilkinji aýlygymy alsam, kärendesine
ýaşar ýaly jaý alaryn, agamyň ýanyndan göçerin diýip, arzuw etmek meniň üçin
örän üýtgeşikdi.
Bir günem The New York Times gazetinden “Coca–Cola dolandyryjy işgär alýar”
diýen bildirişi gördüm. Göreýin, bu kompaniýa niredekä, Atlantada eken. SV–mi
ugratdym “söhbetdeşlige gel” diýdiler. Şeýdip gitdim.
–O wagt bankdaky işiňizem dowam edýärmi?
–Edýärdi, bank maňa ýürekgysgynçdy.
Bardym Atlanta, söhbetdeşlikde “Ýük ulaglary sürmek üçin rugsatnamaň barmy”
diýdiler. “Ýok” diýdim. “Bizde ýük paýlaýjy bölümde işlemeli” diýdiler.
–Çyndanammy?
–Hawa, 1 ýyl ýük bölüminde işledim, paýlaýjy bolup.
–Gaty geň! Şu wagt pikir edýän häzirki käbir ýaşlara şeý diýsek: ilkä Londonda
ekonomikany we matematikany oka, soňam gel bu ýerde ýük daşa diýsek…
–Kompaniýanyň ýük daşaýjy bölüminde işläp başlamagym durmuşymyň iň
ýakymly pursadydy. Bu sebäpden henize–bu güne çenli dükanlar
aýlanmak hezil görýän zadym. Siz bilen duşuşmazymyzdan öň–düýn Kipre
gitdim, sagat 4–de bardym, birnäçe dükanlara aýlandym, kiçi dükanlara–da.
–Şeýdip ýük bölüminde ykbalyňyz üýtgedi, durmuşyňyz üýtgedi. Ýöne siz beýle
boljagyny hiç haçan pikirem eden dälsiňiz.
–Asla, asla…
Hiç kelläme gelmezdi. Şeýle çalt sarp edilýän haryt öndürijiliginde işlemegiň
näderejede tapawutlydygyna ilkibaşdan düşündim. Ýük ulaglarynda paýlaýjy
bolup Tehasyň bir obasynda işe başladym. Ondan soň Massakuste gitdim,
Bostonyň bir tarapyna…
– Uýgunlaşyp bilmezlik meseleleri bilen hiç hili gabatlaşyp görmediňizmi?
Nähilem bolsa keseki medeniýetler, del adamlar bilen gatnaşyklar…?
–Ýok, ýaşamadym. Aslynda, Amerikany tanamak üçin o ýerlerde işlemek gerek. Amerika: New–Ýork, Atlanta, Çikago, Los Anjeles däl… adamlara bir meň adymy aýtmak kyn düşýärdi: Muhtar. Dükanyň eýesiniň ýanyna barýaň, elini gysýaň, gyzyl ýeňsiziň bar, haryt goýýan bölümiňi sazlaýaň, ondan soňam sag bol aýdýaň…
“Adyň näme?” diýenlerinde Muhtar diýýän. “O niräniň ady, ýene bir gezek gaýtala ýa–da Kente düşündim, Muhtara düşünmedim” diýýärler.
–Şol wagtlar edýän işiňiz bilen şowlulygyň arasynda gatnaşyklary ýola goýýadyňyzmy? Meýilnamalaşdyrmalar, strategiýalar…
–Ýok, asyl goýamok. Ilki aýlygym 987 dollardy, adaty däl ýagdaýda işimi
söýýärdim.
Edil şol ýerde kompaniýanyň içindäki gatnaşyklar ilkinji günden başlanýar. Her 4
aýdan soň Atlanta dolanyp, beýanlar ýazýaňyz, adamlar bilen ýüzbe–ýüz gatnaşyklary ýola goýýaň, gitdigiçe–de işiňe öwrenişýäň.
Bütin durmuşym boýunça ýük paýlaýjy bolup galmajagym barada umyt edýärdim
we hakykatdanam şeýle boldy. Bir ýyldan soň, marka toparyna geçdim.
- O nähili boldy? Biri sizi çagyrdy–da: “Muhtar, mundan beýläk biz seniň şu ýerde işlemegiňi isleýäs” diýenden soň, öňe ilerlediňizmi?
- Marka toparynda açyk hereket edýärler. “Biz seni şu ýere mynasyp görýäs, sen nähili pikir edýäň?” görnüşde gidýär. Dogrusy, Coca–Colanyň daşary ýurtlarda tanalýan kompaniýa bolmagy menem gyzyklandyrýardy. Soňra Italiýa ugradyldym. O ýerde–Rimde mahabat müdiri boldum.
–Paýlaýjylykdan mahabat etmek işlerine çenli aralyk… Şeýdip hemmesini başdan öwrendiňiz?
–Hawa, edil özi. Ýöne bu işlerde bar zat ýeňil, tiz bolup geçýär.
–Size görä tiz bolan ýalydyr. Hemme kişi siziň ýaly çalt öwrenişýän, ýeňil gopýan, öwrenmäge ýaltanmaýan bolman biler. Özüňiz daşary ýurtlular bilenem ýönekeý, sadalyk bilen gürleşýäňiz. Bu işleriň çäginde biznes syýasatlary, duzaklar, basdaşlyk bolanokmy?
(dowamy bar)