JEMGYÝET

Dünýäniň 4-nji milliarderiniň ilkinji akylly telefony

CNN saýtynyň aýtmagyna görä, dünýäniň iň baý işewüri Uorren Baffet köp wagtyň dowamynda ulanyp, ýören düwmeli telefonyny ahyry ilkinji gezek akylly telefonyna çalyşdy. Ol özüniň “Apple” kompaniýasynyň önümi bolan “iPhone 11” alandygyny gatnaşan bir telegepleşiginde beýan etdi. Baffet özüniň indi düwmeli telefon ulanmajakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Uorren täze alan akylly telefonyny beýleki telefonlardan känbir üýtgeşik hasaplamaýandygyny hem belläp geçdi. Onuň “Apple” kompaniýasynyň paýnamasynyň 5,6%-ne eýedigini bilýän bolsaňyz gerek.

“Apple” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Tim Kukyň hem oňa sowgat diýip beren “iPhone” telefonyny almandygyny we häzire çenli hiç hili akylly telefon ulanmandygyny aýtdy.

Mundan öň hem Baffet “Apple” kompaniýasynyň “iPad” enjamyny ulanýar eken. Ol ilkinji gezek “Twitter” jemgyýetçilik torundan ilkinji beýanatyny hem şol “iPad”- dan amala aşyrandygyny belledi. Onuň öňki köne telefonynyň modeli “Samsung SCHU” eken.  Baffet bu telefony şeýle degişme bilen ýatlaýar: ”Bu telefonymy maňa Graham Bell sowgat beripdi”.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar