JEMGYÝET

Aşgabatda Türkmen-German iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-German iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, german tarapyna bolsa – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysady işler we energetika ministrliginiň Daşary syýasat departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparynyň arasyndaky özarahereketleriň derejesine ýokary baha berdiler, şeýle-de ýurtlaryň ikisinde hem maýa goýum şertleriniň mundan beýläk hem ösdürilmegi babatynda teklipleri orta atdyrlar.

Mejlise gatnaşyjylar nebitgaz çykaryjy senagatda, maliýe we saglygy goraýyş ulgamynda häzirki we geljekki taslamalara seredip geçdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda işleýän hünärmenleriň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy boýunça maksatnamalary guramagyň mümkinçiliklerine seredildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady