BIZNES

Dubaý bir gezeklik plastik gaplardan ýüz öwrer

Tutuş dünýäde her ýyl 300 million tonnadan gowrak plastik gap-gaçlar öndürilýär. Tebigat üçin howply bolan bu galyndylara garşy göreşmek üçin plastik önümleri ulanmagy çäklendirmek zerurdyr. Dünýäniň köp sanly ýurdy hem-de şäheri şu wezipäni öňünde maksat edinip goýdy. Şolaryň hatarynda Dubaý hem bar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylyk hem-de işewürlik merkezi hasaplanýan Dubaýyň halkara howa menzili we onuň çägindäki işewürlik we myhmanhana toplumlaryndan her ýyl 90 million ýolagçy geçýär. Bu syýahatçy akymy 5,5 müň tonna plastik galyndy emele getirýär. Bu ýagdaýy üýtgetmek üçin tagalla edilip başlandy. Täze ýyldan başlap, howa menziliniň terminallarynda bir gezeklige niýetlenen plastik önümleri ulanmaga gadaganlyk girizildi.

Dubaýyň halkara howa menziliniň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ýujin Barri hyzmatdaşlarynyň 95 göteriminiň plastik önümleri ulanmakdan ýüz öwürmek babatda tagalla etmegi meýilleşdirendigini belledi. Olaryň plastik önümleriň  ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa alternatiw çözgütler kabul etmegi maksat edinýändigi mälim edildi.

Howa menzilinden soňra Dubaýyň 700 myhmanhanasy biri-biriniň yzyndan plastik gap-gaçlaryň ýerine aýnadan ýasalan gap-çanaklary ulanmagy meýilleşdirýär. Myhmanhanalarda gapylary açmak üçin ulanylýan plastik açarjyklar hem taryha siňer. Olaryň ornuny agaçdan ýasalan açarjyklar eýelär.

Dubaýyň ýaşaýjylarynyň 90 göterimi hem maşgala derejesinde plastik gaplary ulanmagy azaltmak ugrunda tagalla edýär.

Dubaý şäheri her ýyl ortaça 12 milliondan gowrak daşary ýurtly jahankeşde kabul edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler