BIZNES

Merkezi Aziýanyň ilkinji kripto birŽasy

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherindäki Koreýanyň medeniýet merkezinde blokçeýn tehnologiýasy barada halkara maslahat geçirilip, «UzNEX» kripto birŽasynyň açylyş  dabarasy boldy. Bu barada Özbegistanyň metbugat neşirleri habar berýär.

Bu çäräniň esasy maksady ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmekden, blokçeýn tehnologiýasyny ornaşdyrmakdan, bu tehnologiýanyň durmuş-ykdysady wezipelerdäki ornuny jemgyýete ýetirmekden ybaratdyr.

Maslahata Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Singapuryň blokçeýn pudagyndaky öňdebaryjy kompaniýalarynyň we Özbegistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň barşynda «KOBEA Group» kompaniýasynyň edara binasynyň we kripto birŽasynyň açylyş  dabarasy boldy.

«UzNEX» Merkezi Aziýanyň ilkinji kripto birŽasydyr. Özbegistanyň raýatlaryna birŽada kripto walýutany satmaga mümkinçilik dörediler. Şeýle hem bu birŽanyň ähli hyzmatlaryndan peýdalanmaga şert dörediler.

«KOBEA GROUP»  kompaniýasy «UzNEX» birŽasynyň esaslandyryjysy bolup çykyş edýär, soňlugy bilen Özbegistanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde blokçeýn barada ýörite kafedralar açmagy meýilleşdirýär.

Related posts

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky: kiçi göwrümli karzlary hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Onlaýn sergi öz işine başlady

Dr.Döwran Orazgylyjov

Birža täzelikleri: türk işewürleri awtobenzin satyn aldy

Ata Watan Eserleri