JEMGYÝET

Ýaponiýa 6G ulgamy üçin maýa goýýar

Ýaponiýa ykjam aragatnaşyk ulgamyna 6G (6-njy nesil mobil aragatnaşyk) tehnologiýasyny ornaşdyrmak üçin ylmy-barlag işlerini geçirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda dünýäde internet ulgamynda 4G ulgamy has giňden ulanylýar. Dünýäniň käbir ösen ýurtlarynda Hytaý, Günorta Koreýa, Finlýandiýa ýaly ýurtlarda bolsa 5G tehnologiýasy ulanylmaga başlandy.

Maglumat geçirijiliginiň has çalt ulgamy hasaplanýan 6G ulgamyna ilkinji geçjek ýurtlaryň biri Ýaponiýa bolarmyka?  Ýaponiýanyň Içeri işler we kommunikasiýa ministrligi fewral aýynyň ahyryna çenli 6G tehnologiýasyny işläp düzmek üçin Tokio uniwersitetiniň alymlarynyň ýolbaşçylygynda ylmy-barlag toparyny düzmegi göz öňünde tutýar.

6G tehnologiýasy 5G ulgamyndan hem 10 esse çalt işlär. Bu ulgamy 2030-njy ýylda Ýaponiýa durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu işlere ministr Takao Sanaeniň hut özi gözegçilik eder.

Ýaponiýa munuň üçin 2 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Täze aragatnaşyk ulgamyň tizligi 100 Gbit/s-a deň bolar.

Hytaý Halk Respublikasy eýýäm 6G ulgamy bilen meşgullanyp başlady.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi