DÜNÝÄ

Dinozawrlar eýýamynyň tamamlanmagynyň sebäbi…

Ýakynda «Regnum» neşirini Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ýel uniwersitetiniň alymlarynyň Ýer ýüzünden dinozawrlaryň ýok bolup gitmeginiň sebäbi baradaky çaklamalaryny köpçülige ýetirdi. Ýeliň alymlarynyň pikirine görä, ägirt jandarlaryň ýok bolup gitmegine wulkanlar däl-de, Ýere millionlarça ýyl mundan ozal düşen meteorit sebäp bolupdyr.

Soňky döwürlerde dinozawrlar eýýamynyň tamamlanmagy bilen bagly iki sany garaýyş bardy. Olaryň birinjisi Ýere ägirt uly meteoritiň gelip düşmegi. Çaklamalara görä, diametri 10 kilometr bolan meteorit Ýere sekuntda 25 kilometrlik tizlik bilen düşüpdir. Onuň häzirki Meksikanyň ýerleşýän çäklerine düşen bolmagy ahmal. Meksikadaky Çiksulub aýlagy şol meteoritden galan «ýadygärlik» hasaplanylýar.

Bu meteoritiň düşmegi bilen Ýer ýüzündäki haýwanat dünýäsiniň 75 göterimi ýok bolup gidipdir. Onda emele gelen partlama häzir Ýerde bar bolan atom bombalarynyň ählisiniň hem güýjünden uludyr.

Ikinji çaklamada Hindistanyň Dekan diýilýän ýerinde bolan wulkan hadysasy bilen baglydyr. Alymlaryň bir topary wulkanlaryň köp atylmagy bilen, Ýeriň howa ýagdaýy görnetin üýtgäpdir. Bu bolsa ilkinji nobatda läheň jandarlaryň ýok bolup gitmegine getiripdir diýen pikire gulluk edýärler.

Ýen uniwersitetiniň alymlarynyň pikirine görä, dekandaky wulkanlar, hakykatdan-da, Ýerde howanyň üýtgemegine getiripdir. Ýöne bu ýagdaý jandarlaryň ýitip ýok bolup gitmegine sebäp bolup bilmez. Wulkanlar her näçe atylsa-da, ýaşaýşyny dowam edýän jandarlar bar. Iň esasly sebäp, ýere meteoritiň düşmegidir diýip, alymlar çaklaýarlar.

Ýene-de okaň

Moskwa şäherinde möhüm senelere bagyşlanan brifing geçirildi

Ata Watan Eserleri

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň önümleri Moskwada “Ýylyň önümi” atly altyn medala mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

“Jahan” döredijilik merkeziniň binalary döwrebaplaşdyrylar

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi