DÜNÝÄ

«The Telegraph» 2020-nji ýylyň syýahat ugurlaryny kesgitledi

Beýik Britaniýanyň «The Telegraph» neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň sanawyny düzdi. Sanawyň başyny Özbegistandaky nowruz baýramy çekýär.

50 bölümden ybarat sanawyň ilkinji onlugynda Keniýanyň sawannalary, Butandaky täsin külbeler, Nikaguradaky ýabany ýaşaýyş bilen tanyşlyk, Pakistandaky Hindiguş daglary, Russiýanyň Murmansk oblastynda ýaşaýan sami halkyýetleri bilen tanyşlyk, Günorta Amerika, hususan-da, Argentina we Çilä syýahat, adam aýagy sekmedik Malawi (Afrika), Finlandiýanyň demirgazyk sebitleri we Gaýana ýabany tokaýlary bar.

Sanawda maslahat berilýän ugurlaryň aglabasy Aziýa yklymyna degişlidir. Şol sanda 46-njy orunda Aziýa boýunça 26 hepdelik syýahat ýerleşdirilipdir. Oňa Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň käbir täsinlikleri hem girýär.

Sanaw Nepaldaky Beýik Gimalaý dagy bilen tamamlanýar.

Ýene-de okaň

Si Szinpin: Hytaý ABŞ bilen “TikTok” boýunça gepleşiklerden hoşal

ABŞ-nyň Prezidenti täze “Gold Card” wiza programmasyny girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti “H-1B” wiza programmasyna täze çäklendirme girizdi

Ýurdumyzyň käbir zenanlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy

Ýurdumyzyň käbir raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit daşaýan tanker gurýar

Ata Watan Eserleri