SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Lonely Planet» syýahatçylyk sebiti hökmünde Merkezi Aziýany saýlady

Amerikanyň we Awstraliýanyň bilelikdäki «Lonely Planet» neşiri ýylyň syýahatçylyk sebiti hökmünde Merkezi Aziýany saýlady. Bu neşir her bir jahankeşdä Merkezi Aziýa ýurtlaryny – Türkmenistany, Özbegistany, Täjigistany, Gyrgyz Respublikasyny we Gazagystany işjeň syýahat etmegi maslahat berýär. Bu barada neşiriň 2020-nji ýyl üçin syýahat üçin iň gowy ýerler (“Best in Travel 2020”) reýtinginde bellenip geçilýär.

“Lonely Planet” – dünýäniň iri neşiri bolup, jahankeşdeler üçin iň meşhur ýerleri kesgitlemek boýunça ýöriteleşendir. 1972-nji ýylda Amerikanyň we Awstraliýanyň jahankeşdeleri tarapyndan esaslandyryldy. Neşiriň 200 awtory her ýyl dünýäniň iň gowy hem-de isleg bildirilýän syýahatçylyk ýerleriniň reýtingi barada makalalar toplumy taýýarlaýar.

Her ýyl bu neşir 4 kategoriýada – 10 sebit, 10 ýurt, 10 şäher we 10 iň amatly syýahatçylyk ýerleriniň reýtingini taýýarlaýar. Şu ýyl sebitleriň arasynda birinji orny Merkezi Aziýa eýeledi.

– Bu sebit bir döwürler söwdanyň hem-de jahankeşdeligiň mekany bolupdyr. Häzir hem täzeden dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrüldi. Gadymy şäherler, uly şowhunly bazarlar, Merkezi Aziýanyň ýabany landşafty üýtgeşik başdan geçirmeleriň gözleginde bolan syýahatçylary özüne çekýär. Ulag we infrastruktura ulgamynda özleşdirilen ummasyz möçberdäki maýa goýumlar häzirki zaman Ýüpek ýoluny syýahat etmek üçin iň amatly dereje getirdi  – diýlip neşirde bellenip geçilýär.

Mundan başga-da, “Lonely Planet” neşiri tarapyndan düzülen reýtingde ilkinji onluga giren sebitler şeýle: Marke (Italiýa), Tohoku (Ýaponiýa), Men (ABŞ), Lord-Hau adasy (Awstraliýa), GuýçŽou (Hytaý), Baiýa-de-Kadis sebiti (Ispaniýa), Argentinanyň demirgazyk-gündogara sebiti, Kwarner bogazy (Horwatiýa) we Amazonka derýasy (Braziliýa).

Ýene-de okaň

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri