DÜNÝÄ

Ýedi aýlyk bäbek ― şäheriň meri

Bary-ýogy 7 aýlyk bäbek Uilýam Çarlz Mak Millian ABŞ-nyň Uaýtholl şäheriniň (Tehas ştaty) meri wezipesine saýlanyldy. Şeýlelikde, ol ABŞda saýlanan iň ýaş mer hökmünde ykrar edildi. Bu barada «Indian Express» neşiri habar berýär.

Ýerli kanunlara görä, şäheriň meri bu wezipede bir ýyl işläp bilýär. Özi hem bu wezipesi kim ýokary söwdalaşygynda ýeňiş gazanana berilýär. Gazanylan girdeji bolsa haýyr-sahawat gaznalaryna ýollanylýar.

Bäbejigiň ata-enesi kim ýokary söwdada iň ýokary bahany goýup ýeňiji boldular. Indi Uilýam Çarlz Mak Millian bir ýylyň dowamynda Uaýtholl şäheriniň meri bolar. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda geçirilen kim ýokary söwda bäsleşigine 150-ä ýakyn dalaşgär gatnaşypdyr.

Täze mer ata-enesiniň kömegi bilen özüne «Amerikany ýene-de mähriban ülkä öwreris!» diýen şygar bilen işlär. Onuň kasamynda bu wezipäni bütin wyŽdany bilen berjaý etjekdigi, çagalaryň oýun meýdançalarynyň sanynyň artdyryljakdygy, şäheriň köçelerini mundan beýläk hem abatlamak boýunça işleriň geçiriljekdigi, iň esasysy bolsa Uaýthollyň halky üçin gije-gündiz alada etjekdigi aýdylýar.

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi