DÜNÝÄ

“iPhone 13-de” kabel we maglumat geçiriş bölümi bolmaz

 

«Apple» kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylda öndürilmegi meýilleşdirilýän «iPhone 13» telefonynda zarýadlandyryş we maglumat geçiriş bölümi bolmaz. Bu barada «ÐœÐ°cРуморс» habar berýär. Täze smartfon kabelsiz zarýadlandyrylar.

Aslynda, «IPhone» tapgyrlarynda «iPhone 8» we «iPhone X» smartfonlaryndan başlap, kabelsiz zarýadlandyryş aýratynlyklary ornaşdyryldy. Köpçülige 2016-njy ýylda ýetirilen «iPhone 7-de» bolsa gulaklyk üçin bölüm ýok. Umuman, kompaniýa täze «iPhone» smartfonlaryny doly kabelsizleşdirmegi meýilleşdirýär.

 

 

Agageldi ITALMAZOW

Related posts

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

“Nippon” gaznasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Tatarystanda döwlet ýolbaşçysyna täze at bilen ýüzlenmek teklip edildi