DÜNÝÄ

2019-njy ýylyň iň girdejili aýdymçysy

Meşhur «Forbes» neşiri 2019-njy ýylda iň kän girdeji gazanan aýdymçylaryň sanawyny yglan etdi. Neşire görä, birinji orny 29 ýaşly dünýä ýyldyzy Teýlor Swift eýeledi. Ol diňe şu ýylda 185 million dollar girdeji gazandy. Bu girdejiniň esasy çeşmesi onuň «Lover» atly täze aýdym-saz toplumy boldy. Toplum şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda rekord mukdarda satyldy. Şeýle hem aýdymçynyň ABŞ-daky konsertleri hem görülip-eşidilmedik derejede serişde toplady.

Sanawyň ilkinji bäşligine 150 million dollarlyk girdeji bilen Kanýe Uest, 100 million dollarlyk girdeji bilen Ed Şiran, 100 million dollar bilen «The Eagles» topary we 84 million dollar bilen Elton Jon girýär.

Mahlasy, ilkinji onlugyň umumy girdejisi 1 milliard dollardan geçýär. Başgaça aýtsak, adamzat tamamlanyp barýan ýylda şunça serişdäni diňe 10 sany aýdymça sarp edipdir. Muňa diňe sungatyň jadysy diýip bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy