JEMGYÝET

Traktormy ýa-da guş?

JCB kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan «Fastrac» traktory sagatda 241,4 kilometrlik tizligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «Motor» neşiri habar berýär.

Rekord Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Elington şäherindäki aerodromda geçirilen synagyň netijesinde bellige alyndy. Traktory dolandyran Gaý Martin onuň tizligini sagatda 241,4 kilometre çenli çykardy.

Gaý Martin şu ýylyň baharynda hem «Fastrac» bilen synag geçirip, sagatda 167 kilometr tizlige çykyp bilipdi. Şol synagdan soňra kompaniýanyň inŽenerleri «Fastracy» ýene-de kämilleşdirdiler. Traktoryň ozalky modeliniň kuwwaty 1014 at güýjüne deňdi. Täze modeliň kuwwaty barada bolsa heniz maglumat berlenok.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň täze ilçisini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

İMF: Türkmenistan Orta Asya’da en yüksek büyüme oranına sahip

vepa

Halkara maýyplar güni

vepa