JEMGYÝET

Näme üçin işleýäris?

Ählimiziň bilşimiz ýaly adam ömrüniň iň köp bölegi iş başynda geçýär. Ol ýaşaýan ömrüniň 2/3 bölegini işläp, galan wagtyny hem şol hakyndaky gürrüňler we aladalar bilen geçirýär.  Adamlar näme üçin işe beýle köp üns berýärler? Belki iş olara ýaşamak üçin gerekli çeşmeleri (nahar, eşik, ýaşamaga jaý) berýänligi ýa-da olar işinden lezzet alýandyklary üçindir. Geliň, indi bolsa birnäçe soraglara jogap bereliň.

Işi durmuşyň merkezine öwürmelimi? Iş adam ömrüni uzaldyp bilermi? Biz näme üçin işleýäris? Lezzet alýan işi saýlamalymy ýa-da ýokary aýlykly?  we ş.m

Biz öz ýakynlarymyza isleýän zatlaryny üpjün etmek üçin işleýäris we öz saglygymyz hakynda hiç hili pikir etmeýäris. Şeýle-de bu biziň lezzet alýan işimizede bagly bolup biler, çünki adamlar  köplenç işi aýlygyna görä saýlaýarlar we “lezzeti soň alarys diýýärler”. Belki olar şol işden hiç hili lezzet alyp bilmezler, ýa-da nepagadalyk döwrüne çenli hiç hili ýaşap bilmezler. Adamlar puly gazanyp saglygyny ýitirýärler, emma iň soňunda şol gazanan pullaryny saglygyny  yzyna getirmek üçin sowýarlar.

 

Gülşat Amanmyradowa

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

 

 

Ýene-de okaň

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri