JEMGYÝET

Ajaýyp

Geň görere kän dünýäde hadysa,
Gudratlydyr olañ käsi ajaýyp.
Türkmeniñ ruh ummany deý päkize,
Nury Halmämmediñ sazy ajaýyp.

Kä ýatladar Oguz hanyñ toýuny,
Kä añladar Gorkut atañ boýuny.
Kä bolsa, Gyratyñ toýnak oýnuny,
Üstünde Görogly, tozy ajaýyp.

Bir görseñ türkmeniñ ykbalna nalar,
Pelegiñ keç ykbal oýnuna ýanar.
Sazyn diñlan türkmen özüni tanar,
Kakuw, hyjuw, milli owazy ajaýyp.

Siñdirip sazyña buýsanç-gussañy,
Ýatlapdyñ halypañ Mylly ussany.
Miras goýduñ sazdan giden kyssañy,
Halkyña oñ her bir sözi ajaýyp.

“Dutaryñ owazyn” şol wagtlar diñläp,
Tolgunyp döküpdim gözýaşym, geñläp.
Şükür bagşyñ sazyn gursakda jemläp,
Saz älemniñ elýetmezi ajaýyp.

Möwç urýar diñlämde kalbym umman deý,
Dag başyna galýar köñlüm duman deý.
Gysga ömrüñ bir tükenmez zaman deý,
Ilimiñ sowulmaz ýazy ajaýyp.

Ýaşaýyş-bu göýä täsin bir sazdyr,
Täsin saza mydam köñüller ýazdyr.
Nurynyñ sazy deý eserler azdyr,
Sazynyñ öwrümi näzi ajaýyp.

Kämilleñ şöhraty artar wagt geçip,
Beýik ogullaryn biler halk seçip.
Il-günüñe dur sazlaryñ nur saçyp,
Şeýle saz ýazanyň özi ajaýyp.

Dutaryñ kirşini roýala dakyp,
Sazyñ milliligin gözlediñ kakyp.
Ene hüwdüsi deý mylaýym akyp,
Kalba siñýän oñ jadysy ajaýyp.

“Ähli zat mendirin, men hem barça zat”,
Diýlen pelsepeden gözlediñ sungat.
Aslynda saz bilen bolup sen binýat,
Señ döremäñ-gudrat özi ajaýyp.

Bah, Bethowen, Mosart ýaly ägirtleñ,
Girdiñ hataryna sen şeýle mertleñ.
Señ ýoluñy dowam edýär şägirtleñ,
Galdyrdyñ öçmejek yzy ajaýyp.

Ömrüñi bagş edip gudratly saza,
Sungat äleminde açdyñ yol täze.
Bu häsiýet mahsus beýik ussada,
Saz dünýäñ çeşmesi-gözi ajaýyp.

Bayram Rahmanow

Balkan welaýaty. Magtymguly şäheri

 

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar