JEMGYÝET

Adam öz häsiýetine dogabitdi eýemi?!

Köp alymlaryň tassyklamagyna görä, adamyň häsiýeti onuň geni bilen berk baglanyşykly. Doglan çaganyň  kakasynyň genine garanda, dogabitdi häsiýetiniň kemala gelmegine ejesiniň geni has uly täsir edýär. Bu hadysa ylym esasynda subut edilendir.

Internet maglumatlaryna görä, adam öz häsiýetiniň takmynan ýaryna dogabitdi eýe bolup, ol aňsat-aňsat üýtgeýän däldir. Adamlaryň häsiýetiniň galan ýarysy bolsa, ýaşaýan jemgyýetine görä  kemala gelýär. Ilkinji terbiýe öýüň öz içinden başlanýar. Ejelerimiz bu işiň iň beýik ussatlarymyka diýýärin. Olar bizi “adamjyk” wagtymyzdan başlap, adamlyga çenli ulaldýan melekler. “Maşgala – bu kakanyň şalygynda ejäniň hökümdarlygy we perzendiň şol şalykdaky jenneti durmuşydyr” –diýip bir ýerden okapdym. Bu ýazgy bilen diňe ylalaşmak galýar. Syn eden bolsaňyz, köp maşgalada çagalar öz kakasyna aýdyp bilmeýän zatlaryny ejesiniň üsti bilen aýdýarlar. Muny sada dil bilen düşündirip bolar: kakalar-erkek adamlar, olar çagalaryny ejelerden az söýenok, ýöne olara biz çagalar beýik goragçy hökmünde garaýarys, hemem biraz çekinýäris. Bolmalysy-da şeýlemikä diýýärin!

Çagalary eljiretmän, ýöne ýürekden söýýändigini bildirip söýmek ene-atalaryň mukaddes borjy. Käbir ene-atalarda öz çagalary bilen biraz ýowuzrak daraşsa, olar durmuşa ir taýýar bolar diýen pikir bolýar. Bu düýbünden nädogry. Çaga üçin iň ýakyn hossar öz ene-atasy. Eger bu hossarlar ony goramasalar, çaga öz arzyny gerek wagty hiç kime-de aýdyp bilmez. Aýdylmadyk arzlar onuň ýaşajyk kalbyna kitüw bolup düşer. Olam ýaňy kemala gelip ugran ýaş daragtyň biraz gyşaryp ösmegine getirer. Şonuň üçinem çagalaryňyza söýýändigiňizi bildiriň, goý olar özleriniň goraglydygyny duýsunlar. Bu olaryň terbiýesine berk täsir edýär.

Çagalara zähmet çekmegi näçe ir öwretdigiçe özleri üçinem, ene-atalary üçinem şonça peýdaly. Ilki çemçe tutmagy, soňra pil, ýa iňňe tutmagy öwrediň… Daşary ýurt dillerinden birki sanagyny ýaşlykda öwrense, bütin ömründe özüniň käbir deň-duşlaryndan tapawutlanýandygyny biler. Bu tapawut, bu artykmaçlyk onda, ene-atasyna bolan söýgini ýene artdyrar. Umuman, çagalara näçe köp hünär, bilim berdigiňizçe olar ulalanlarynda size şonçada minnetdar bolarlar.  Ýöne olara elmydama gerek wagty dynç beriň. Olar öz çagalygynyň şatlygyny duýup ýetişsinler.

Her maşgala aýratyn bir dünýä bolansoň, her kim  dürlüçe terbiýelenip, ahyrynda ýene uly jemgyýete aralaşýar. Hemmeler jemgyýetde öz ornuny tapmaga howlugýar. Jemgyýet bolsa howlukman, saýlap-seçip, öz saýlawyny geçirýär. Çagalaryň üstünligi, ene-atasynyň üstünligi. Ýa-da tersine, olaryň şowsuzlygy, ene-atalaryň şowsuzlygydyr. Çagalaryňyza jemgyýetde ornuny tapmaga kömekleşiň. Olar ýene öz hossarlaryna gysmyljyrap, olardan dalda gözlär. Elbetde, ene-atalar hemişe olara elini uzadyp, islendik kynçylygyny ýeňmäge kömek berýän, synmajak galadyr. Ýöne çagalaryňyza söýýän hünärini saýlamaga mümkinçilik beriň. Olar durmuş atly çäksiz ummanda öz akymy bilen ýüzsün, siziň akymyňyzda olaryň ýüzüp bilmän gark bolmagy ahmal. Olar öz islegi bilen ýaşasa, dünýä olary öz ýüzýän akymyna äkider.

Çagalaryň göwnüçökgün ýagdaýyny gözlerinden we sözlerinden aňşyrýan ene-atalar, olaryň häsiýetine hem özlerinden beter beletdir. Meselem, ak reňke gyzyl reňk damdyrsaň gyzyl, sary damsa sary bolşy ýaly, çagalar hem ene-atalar nähili terbiýe berse, şo hili adamlar bolup ýetişýär. Turşy zady dişlesek, ýüzümizi turşadyşymyz ýaly, jemgyýetem öz biedep adamlaryna ýüzüni turşadýar.

Jemgyýetiň kagyza ýazylmadyk, ýöne özüne mahsus etiketlerini berjaý etmek medeniýetliligiň aňrybaşydyr. Iň ýönekeý mysallar: awtobusa müneňde özüňden uly adama ýer bermek; köçede ýöräp barýan wagtyň çigit çigitlemezlik; ýa-da söhbetdeşiň ýüzüne seredip onuň gürrüňini diňlemek… Umuman, öýüň içinde we öýden daşarda başardygymyzdan edep kadalaryny berjaý etmäge çalyşsak, durmuşyň nähili ajaýypdygyna, ony ajaýyp edýän zadyň bolsa, adamzatdygyna ýene bir gezek göz ýetireris.

“Gaharjaň adamyň dosty az” diýýärler. Elmydama gussa çekýän adamyň bolsa, saglygynyň peselýändigi medisina ylmynda tassyklanan. Şonuň üçinem ýaşan ömrümizde ýylgyryp, häzirki bar zatlarymyzdan lezzet alyp ýaşalyň! Dogabitdi häsiýetimize erkimiz ýetmese-de, jemgyýetde kemala gelýän häsiýetimizi ýagşy tarapa özgermäge çalşalyň. Dünýäni özgertmäge erki ýetýän adamzadyň, köpler aýtmyşlaýyn, häsiýetini özgertmäge erkiniň ýetmeýändigini tekrarlasak gülkünç eşidiler, şeýle dälmi?!

Aýjahan Annabaýewa

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi