BIZNES

Syýahatçylyk (TU) wizasyny resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar

Syýahatçylyk (TU) wizasyny resmileşdirmek üçin:

1) daşary ýurt raýatyna syýahatçylyk (TU) wizasyny resmileşdirmek üçin ýüztutma, 3 nusgada;

2) daşary ýurt raýatyna syýahatçylyk (TU) wizasyny resmileşdirmek üçin syýahatçylyk maksatnamasy;

3) Daşary ýurt raýatlaryna toparlaýyn syýahatçylyk (TU) wizasyny resmileşdirmek üçin Syýahatçylyk toparynyň sanawy;

4) daşary ýurt raýatynyň hakyky daşary ýurt pasportynyň nusgasy;

5) ýüz tutýan tarapyň syýahatçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasynyň nusgasy (çagyryjy tarap 1-nji gezek ýüz tutanda we ygtyýarnamanyň möhleti tamamlananda talap edilýär) (ýuridik şahslar üçin);

6) ýüz tutýan tarapyň ygtyýarly edilen wezipeli adamy tarapyndan wiza işleri boýunça ygtyýarly wekiline berýän ynanç haty (birinji gezek ýüz tutanda, ynanç hatynyň möhleti tamamlananda ýa-da üýtgetmeler girizilen ýagdaýlarynda) talap edilýär.

 

Source : www.migration.gov.tm

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär