JEMGYÝET

Türkmenistan Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar

Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly dabaralara beslendi. Paýtagtymyz Aşgabadyň merkezindäki ýurdumyzyň baş meýdanynda Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralar geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Sagat 10.00-da hormatly Prezidentimiziň döwlet münberine gelmegi bilen dabaralar başlandy. Ilki bilen harby ýöriş guraldy. Oňa harby gullukçylar hem-de ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, Milli goşunymyzyň esgerleri hem-de serkerdeleri gatnaşdy. Döwrebap harby tehnikalaryň gözden geçirilişi boldy.

Baýramçylyk ýörişi asmanda dowam etdirildi. Ýurdumyzyň Harby howa güýçleriniň uçarmanlary dikuçarlar, uçarlar bilen baýramçylyk dabarasyna aýratyn bezeg berdiler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby orkestriniň joşgunly çykyşy baş baýramyň hormatyna guralan harby ýörişiň jemledi

Related posts

Yangın Güvenliği hakkında Karar kabul edildi.

vepa

Italiýada 17 ýaşly bloger tagtyň mirasdüşeri boldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen YHG-nyň daşary işler ministrleri kararnama kabul etdi

Ata Watan Eserleri