DÜNÝÄ

Ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Ulgamlaýyn infrastruktura we suw işewürligi ulgamyndaky halkara taslamalarynyň ösdürilmegi boýunça bölüminiň başlygy jenap Ýasuhiro Kasaý bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanda Mitsubisi, Kawasaki, Itoçu we Sumitomo ýaly ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän häzirki we geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň depginine seredilip geçildi. Taraplar Türkmenistanyň döwlet konsernleriniň we ýapon kompaniýalarynyň arasyndaky himiýa senagaty, gaz pudagy, ulag, oba we suw hojalygy ýaly ulgamlardaky özarahereketleriň netijeliligini belläp geçdiler.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň kärhanalarynyň derejesinde özarahereket etmek üçin oňyn şertleriň döredilmeginiň zerurlygy, bilelikdäki işleriň täze görnüşleriniň gözlenilmegi, bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hakynda, şeýle hem olary iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin ulanmak babatynda gürrüň etdiler.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy