JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gurban baýramy gutlagy

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy, hoşniýetliligi we päkligi ündeýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Gurbanlyk Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip we nesilden-nesle geçirip gelen medeni-ruhy mirasyny, ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerlik we dostluk hakyndaky dünýägaraýyşlaryny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny özünde jemleýän, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ajaýyp baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan bu baýram bizi döredijilikli täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyryar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.

Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da artýan döwründe biziň her birimizde buýsanç duýgusyny döredýän mukaddes Gurban baýramyna bagyşlanyp, üç günüň dowamynda gözel paýtagtymyzda, eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda bay mazmunly, köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Merdana ata-babalarymyzdan gelýän we häzirki döwrüň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan asylly däbimize görä, her maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary taýýarlanylýar. Dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär.

Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygyny, milletimiziň ahlak kämilligini has-da berkitmek, milli däplerimizi mynasyp dowam etdirmek, şol sanda watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmek ýaly mukaddes borçlary hem-de parz amallaryny göwnejaý berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Şu ýyl hem Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň wekillerinden ybarat uly topar doganlyk Saud Arabystany Patyşalygyna – mukaddes Mekgede haj amallaryny berjaý etmekleri üçin zyýarata iberildi. Munuň özi her bir şahsyýetde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularynyň kemala gelmegine oňyn täsir etmek bilen, jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösýändigini aýdyň tassyklaýar.

Eziz watandaşlar!

Gündogar bilen Günbatar halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna, ýol-ýörelgeleriň, dini-ygtykatlaryň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklary häzirki zaman jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň dostlugyny berkitmekde, adamzadyň röwşen geljegini üpjün etmekde medeni mirasyň örän uly orny bardyr. Şu nukdaýnazardan, biz döwlet syýasatynda, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna uly üns beren ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini, dini we dünýewi ygtykatlaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak, halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly Garaşsyz Watanymyzyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmetine, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, ähli pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, ilkinji nobatda bolsa, il-günümiziň asuda, abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet we pudaklaýyn maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda döwrebap senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny giň gerim bilen gurýarys.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bähbitlerimiziň, şeýle hem dünýä bileleşiginiň bähbitleriniň, ählumumy howpsuzlygyň we abadançylygyň hatyrasyna döwletleriň we halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin hem giň mümkinçilikleri döredýäris. Şoňa görä-de, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň hem-de däp-dessurlaryň ösdürilmegine, aýratyn-da eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna, milli ýörelgelerimiziň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir.

Mähriban haikym!
Eziz watandaşlar!

Sizi ynsanperwerligi, hoşniýetliligi hem-de ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Ýer ýüzündäki at-abraýynyň we şan-şöhratynyň has-da belende galmagy üçin etjek ähli ýagşy doga-dilegleriňiz, berjek gurbanlyk sadakalaryňyz hem-de okajak baýram namazlaryňyz Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we eşretli durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy