JEMGYÝET

Subut edilen nebit gory 50 ýyl soňra gutarsa gerek!

Häzirki ýagdaýda subut edilen global nebit gory 244 milliard tonna barabar. Bu barada bugün halk köpçüligine ýetirilen “BP Statistical Review of World Energy 2019” maglumatnamasynda aýdylýar.  Bu görkeziji häzirki önümçilik görkezijileri saklanyp galsa we täze gorlar subut edilmedik ýagdaýynda, subut edilen nebit gorlarynyň 50 ýylda gutarjakdygyny görkezýär. Nebit gorlary babatynda subut edilen 48 milliard nebit gory bilen Wenezuella birinji orunda durýar. Bu ýurtda dünýäde subut edilen nebit gorlarynyň 17,5 göterimi bar. Jemi 40,9 milliard nebit gory bilen Saud Arabystan ikinji orunda durýar. Sanawda Kanada (27,1 milliard tonna) üçünji, Eýran (21,4 milliard tonna) dördünji we Yrak (19,9 milliard tonna) bäşinji orunda durýar.

Geçen ýyl dünýä boýunça jemi 4 milliard 474 million tonna nebit öndürilipdir. Başgaça aýdanymyzda nebit önümçiligi 2,2 göterim artypdyr.

Nebit önümçilikde birinjiligi geçen ýyl 669 million tonna önümçilik bilen ABŞ eýeläpdir. ABŞ dünýäde geçen ýyl öndürilen nebitiň 15 göterimi öndüripdir. Bu ýurdyň subut edilen nebit gory 7,3 milliard tonna barabar. Häzirki önümçilik kuwwatlygy saklanyp galanda we täze nebit gorlary subut edilmedik ýagdaýynda ABŞ-yň subut edilen nebit gory 11 ýyl soňra gutaraýmaly!

2018-nji ýylda iň köp nebit öndüren ikinji ýurt ýyllyk 578 million tonna önümçilik bilen  Saud Arabystan (12,9%) bolupdyr. Russiýa bolsa 563 million tonna bilen üçünji, Kanada 255 million tonna bilen dördünji, Yrak 226 million tonna bilen bäşinji, Eýran bolsa, 220 million tonna bilen altynjy orny eýeläpdir.

Nebit sarp edişlikde hem ABŞ birinji orny eýeleýär. Bu ýurtda geçen ýyl  919 million tonna şertli nebite barabar nebit sarp edilipdir. Başgaça aýdanymyzda dünýäde geçen ýyl sarp edilen nebitiň 1/5-i bu ýurtda sarp edilipdir. Nebit sarp etmekde ikinji orun ýyllyk 641 million tonna bilen Hytaýa degişlidir. Dünýäniň uly üçünji energiýa bazaryny  emele getirýän Hindistanda geçen ýyl 239 million tonna nebit sarp edilipdir. Bu görkeziji Saud Arabystanda 162 million tonna, Russiýada bolsa 152 million tonna barabar.

Geçen ýyl Saud Arabystan jemi 367 million tonna çig nebit satypdyr. Munyň 57 million tonnasyny Ýaponiýa, 56 million tonnasyny Hytaý we 39 million tonnasyny Hindistan satyn alypdyr.

Russiýanyň eksport eden çig nebitiň möçberi geçen ýyl 275 million tonna bolup, munyň 153 million tonnasy Ýewropa ýurtlaryna, 71,6 million tonnasy Hytaýa satylypdyr.

Yrak bolsa 2018-nji ýylda 200 million tonna nebit satypdyr we munyň 48,7 million tonnasy Ýewropa ýurtlaryna, 47,7 million tonnasy Hindistana we 45 million tonnasy Hytaýa satylypdyr.

Dr. Döwran Orazgylyjow

turkmenlawyer@turkmenlawyer.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi

“Ýewraziýa” kino festiwaly başlady: türkmen kinosy görkeziler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär