JEMGYÝET

Altyn Asyr we Hujandy :1:0

AFC-niň kubogynyň toparçadaky oýnunda Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» stadionynda Täjigistanyň wise-çempiony «Hujandy» kabul edip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Türkmen futbolçylaryna ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini duşuşygyň 32-nji minutynda Myrat Ýagşyýew tora saldy. Şeýle-de, ol oýnuň iň ökde oýunçysy diýlip yglan edildi.

Toparçada 1-nji orny eýeleýän Täjigistanyň çempiony «Istiklol» myhmançylykda Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» topary bilen duşuşdy. Bu oýunda garaşylmadyk ýagdaýda meýdança eýeleri 2:1 hasbynda üstün çykmak bilen bassyr 3 deňlikden soň ýeňiş gazanan «Altyn asyryň» mümkinçiligini ýokarlandyrdylar.

«Dordoýa» ýeňiş getiren iki goluň birini bu toparyň türkmenistanly hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň öz adyna ýazdyrandygyny aýtmak gerek. «Altyn asyryň» nobatdaky tapgyrda «Dordoýy» kabul edýär.

4 tapgyrdan soň 1-nji orny eýeleýän «Istiklolyň» 7 oçkosy, 2-nji orunda barýan «Altyn asyryň» 6 oçkosy bar. Olaryň haýsy biriniň toparçanyň ýeňijisi boljakdygy soňky tapgyrdaky özara oýundan soň belli bolsa gerek.

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda desgalaryň 220-den gowragy gurulýar

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda Türkmenistanyň agzalygy

Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Eswatini Patyşalygyna sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny hünär baýramy bilen gutlady

Kristiano Ronaldo Türkmenistana geler: 11-nji fewralyň taryhy agşamy

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady