JEMGYÝET

Diplom ykrar etmek : Täze düzgün

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin taýýarlyk döwri gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýyl orta mektebi tamamlajak ýaşlaryň bir bölegi ýurdumyzdaky ýokary okuw jaýlaryna okuw girmek üçin taýýarlyk görýän bolsalar, ýene bir bölegi daşary ýurtlaryň abraýly okuw jaýlaryna ýerleşmek üçin taýýarlyk görýärler.  Ýakynda daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerinde okamagy bilen bagly täze Tertip kabul edilenligi barada habarlar ýaýrady. Munyň yzysüre ýurdumyz baradaky habarlary ýaýradýan Türkmenportal saýty  täze Tertip barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Hemra Haýyrow bilen söhbetdeşlik gurnady. Uly gyzyklandyrma döreden bu söhbetdeşlikden käbir setirleri size ýetirýäris. Söhbetdeşligi dolylygyna okamak isleýän okyjylarymyza Türkmenportal saýtyny salgy berýäris.

 

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy Karary bilen “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibi” tassyklanyldy.
  • Şu Tertibi ulanmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan  Gözükdiriji işlenilip taýýarlanyldy we  2019-njy ýylyň      29-njy martynda 80 belgili buýruk bilen tassyklanyldy.
  • Hünärler boýunça bildirilýän talaplar mundan beýläk daşary ýurtlara okuw maksatly gidýänlere degişli bolup durýar. Ýagny, hünär bilimini almak üçin 16.03.2019ý. senesinden soňra okuwa girýänlere degişlidigini ýene bir gezek belläp geçeýin.
  • – Heniz hünär bilimine başlamandygy sebäpli şu bildirilýän talaplar dil taýýarlygyny okaýanlara hem degişli bolup durýar.
  • Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň 2019-njy ýyl üçin kesgitlän sanawyna giren daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriň atlary “The Times Higher Education World University Rankings” halkara guramasynyň resmi internet sahypasynda elýeterlidir.
  •  Mundan beýläk okuwa gitjekler üçin okuwlaryň gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde bolmalydygyny biz belläp geçdik.
  • 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan öň okuwa girip, okuwyň gaýybana görnüşi boýunça okuwy tamamlap alnan Resminamalar, gaýybana okuwyny okamak üçin bildirilýän talaplar doly berjaý edilen bolsa ykrar edilýär.
  • 2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli okuwyň gaýybana görnüşine daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerine girenler, okuwa girmezden öň başlangyç ýa-da orta hünär bilimi bolup, iki ýyldan az bolmadyk iş tejribesiniň binýadynda hünär bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen okuwyň gaýybana görnüşine okuwa girenler, okuwy tamamlanyndan soňra iş berijisiniň towakganamasy esasynda diplomy ykrar emek meselesine serediljekdigini bellemek isleýärin.

 

Makul Hyzmat IMO hasabyna goşulyň :

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com   

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

 

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär