JEMGYÝET

Iň tygşytly 5 awtoulag

«Atavatan-Türkmenistanyň» sahypalarynda ýakynda benziniň iň arzan we gymmat döwletleri barada habar beripdik. Eýsem, ýangyjy iň az sarp edýän awtoulaglar haýsyka? Okyjylarymyza gyzykly bolar diýen umyt bilen, bu ugurda saýlanan 5 awtoulag bilen tanyşdyrýarys.

«Opel Corsa». Bu sanawyň birinji ornunda durýan «Opel»-iň hereketlendirijisiniň kuwwaty 1,3-e deň. Ol 100 kilometr ýoly geçmek üçin bary-ýogy 3,2 litr benzin sarp edýär. Ýöne bu ortaça hasaplamadyr. Ýolagçylaryň sany, howa ýagdaýlary, tekerler, ýoluň ýagdaýy ýaly käbir ýagdaýlar ýangyjyň sarp ediliş mukdaryny azda-kände üýtgedip biler. Her niçik hem bolsa tygşytlylykda heniz «Opel Corsa»-nyň taýy ýok.

«Honda Civic».  Bu awtoulag, eýýäm, birnäçe Ýewropa döwletinde uly söýgi gazandy. Onuň özüni söýdürip bilen aýratynlygy diňe tygşytlylygy bilen bagly däl, ol sport ulagyna çalymdaş dizaýny bilen hem ýaşlaryň söýgüli ulagyna öwrüldi. «Honda Civic» 1,6-lyk mator güýji bilen 100 kilometre 3,4 litr ýangyç sarp edýär.

«Ford Focus HB». «Focus»-yň ýakynda täzeçe görnüşde satlyga çykarylandygyndan okyjylarymyzyň habary bar bolsa gerek. Täze görnüş tygşytlylygy bilen hem haýran galdyrýar. Onuň hereketlendirijisiniň güýji 1,5-e deň. Edil «Honda Civic» ýaly 100 kilometre 3,4 litr ýangyç sarp edýär.

«Peugeot 208».  Ýene bir fransuz ulagy. 1,6-lyk güýje eýe bolan ulag 3,5 litr ýangyç bilen 100 kilometr ýoly geçip bilýär.

«Renault Clio».  Ol tygşytlylygyň baryp ýatany ― bahasy hem arzan. 1,5 güýçde işleýän hereketlendirijisi 100 kilometr ýol geçmek üçin 4 litr ýangyç sarp edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ýurdumyzda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ilçisini kabul etdi

Türkmenistan bilen Zambiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezi döredilýär