JEMGYÝET

Gambiýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda, taraplar Türkmenistan bilen Gambiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik ugurlaryny berkitmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da gepleşikleriň çäklerinde şertnama-hukuk ulgamyna degişli meselelere seredildi.

Maslahatlaşylan meselelerden ugur alyp taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmekligiň ähmiýetini bellediler.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady