JEMGYÝET

Watikanyň Ilçisi bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Pol Fitspatrik Rassel bilen duşuşyk gurnaldy.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy jenap Ilçä Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan çärelerine gatnaşýanlygy üçin minnetdarlygyny bildirdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Watikandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň bellenilmegini hem agzap geçdiler.

Soňra taraplar Aşgabatda Watikanyň Ilçihanasynyň binasynyň gurluşygynyň işiniň mümkinçiligi  baradaky meselelere garadylar.

Mundan başga-da taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada gepleşip, Türkmenistan bilen Watikanyň arasyndaky dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady