Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan soňky ýyllarda gurluşyk senagatynda durmuşa geçirýän iri maýa goýumlary bilen, hem senagat hem-de gurluşyk pudagynda uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurduň baý uglewodorod serişdeleri senagat pudagy üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Bir tarapdan bu energiýa serişdelerini dünýä bazaryna iberilýär, beýleki tarapdan olar senagat pudagynda ulanylyp, nebithimiýa, gazhimiýa ýaly täze pudaklaryň döredilmegine giň ýol açylýar. Bu pudaklarda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, tehnologiýa babatda öňdebaryjy ýurtlar hasaplanýan Ýaponiýanyň hem-de Günorta Koreýanyň kompaniýalary bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýulýar. Ýakyn döwürde senagat pudagynda köp sanly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň üçin halkara bäsleşikleri yglan edildi.
AÝNA ÖNÜMÇILIGINDE ÝOKARY ÖSÜŞ
Üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň ilkinji aýna zawody “Tepe Inşaat” kompaniýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Owadandepe obasynda guruldy. Merkezi Aziýanyň iri senagat desgasy bolan bu zawodda dürli görnüşdäki aýnalar bilen bir hatarda azyk hem-de lukmançylyk pudaklary üçin niýetlenen aýna çüýşeler öndürilýär. Zawodyň önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurt bazarlarynda-da uly islegden peýdalanýar. Esasan hem, goňşy ýurtlar Owganystana, Özbegistana, Gazagystana, Azerbaýjana eksport edilýändigi habar berildi.
Häzir bu zawodyň çäklerinde ýene-de bir önümçilik desgasynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Bir gije-gündiziň dowamynda 100 müň tonna möçberinde aýna çüýşeleriň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Munuň bilen baglanyşykly halkara bäsleşigi yglan edildi, ol hem “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynda-da giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.
SEMENT WE POLIMER ZAWODLARY GURLAR
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, senagat desgalarynyň ençemesini gurmak meýilleşdirilýär. Şu ýylyň özünde bahasy 3,4 milliard dollara barabar bolan polipropilen we polietilen öndürýän Gyýanly polimer zawody, bahasy 1,5 milliard dollara deň bolan Garabogaz karbamid zawody, bahasy 375 million dollara deňeçär bolan Türkmen aýna önümleri kärhanasy ulanmaga berildi. Täze senagat desgalar üçin halkara bäsleşikleri yglan edildi. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen zawod, Daşoguz welaýatynda polimer zawodynyň taslamalary bar. Bu taslamalar boýunça-da halkara bäsleşik yglan edildi. Gurulmagy göz öňünde tutulan bu taslamalar ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmaga giň mümkinçilik berer. Şeýle hem Gyýanly polimer zawodynda goşmaça önümçilik desgasynyň gurulmagy, Aşgabadyň golaýynda gurluşygy alnyp barylýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň çäklerinde-de goşmaça önümçiligiň bina edilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Balkan welaýatynda-da sement zawodyny gurmak göz öňünde tutulýar.
DURMUŞ MAKSATLY DESGALAR
Senagat taslamalary bilen bir hatarda durmuş maksatly binalaryň hem gurluşygyna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky iri taslamalaryň biri-de Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň taslamasydyr. Taslamanyň ilkinji tapgyrynda kaşaň ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepdir çagalar baglaryny, medeni-durmuş maksatly binalar gurlar. Şeýle hem taslamanyň çäklerinde welaýat häkimliginiň edara binasy, döwlet Baýdagynyň sütüni, oba hojalygy, maliýe, saglygy goraýyş, ulag, aragatnaşyk, söwda, bilim, medeniýet we beýleki ministrlikleriň welaýat edara binalary, Ruhyýet köşgi, teatr, kitaphana we muzeý bina ediler.
Türkmenistandaky yglan edilýän halkara bäsleşikler we işewürlik ulgamyna degişli gyzykly habarlary “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyndan hem-de sosial aragatnaşyk ulgamyndan hem yzarlap bilersiňiz!