BIZNES

Balyk hojalygy ulgamynda bilelikdäki kärhana gurmak isleýänlere

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, yurdumyzyň telekeçilerini hem-de kärhanalaryny şu ugurlar boýunça bilelikde iş alyp barmaga çagyrýar:

  • ýurdumyzyň çäginde howdan hojalyklaryny hem-de ýapyk görnüşli suw üpjünçilik ulgamynda emeli usulda balyk ösdürip ýetişdirmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmek;
  • “Balkanbalyk” Döwlet kärhanasynyň çäginde balygy gaýtadan işlemek boýunça önümçilik sehlerini gurnamak;
  • ygtyýarnama esasynda balyk ösdürip ýetişdirýän telekeçi we hususy kärhanalara ýaş balyklar we balygy ösdürip ýetişdirmek boýunça maslahatlary bermek;
  • balyklaryň täze görnüşlerini Türkmenistana getirmek we uýgunlaşdyrmak;
  • maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak.

Isleg bildiren taraplar Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 132-nji jaýy (Türkmenistanyň Senagat toplumy) salgysynda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetine ýüz tutup bilerler.

Habarlaşmak üçin tel.: (+99312) 39-02-04, 39-02-05, 39-02-06.

Kaynak : Atavatan Türkmenistan Haber Ajansı (ATHA)

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hesabımız

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

                                                             

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň BAE iş sapary tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Ata Watan Eserleri

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýrar

2023-nji ýylda Türkmenistanda 11 müňden gowrak täze iş orunlary döredildi